Biz, işewürlige zerur bolan täze işi döretmekden başlap, durmuşa geçirmek we

durnukly işlemegine çenli ähli zerur hyzmatlary hödürleýän köpugurly kärhanadyrys.
Biziň kompaniýamyz sanly pudagyň ösmegine uly goşandyny goşýar.
Biznesi ösdürmek üçin önümler döredýäris we hyzmatdaşlarymyza goldaw berýäris.
Telefon belgiňizi goýuň, biz size jaň ederis!
Bize özüňiz hem jaň edip bilersiňiz!
+993 12 922 277
Düwmä basmak bilen, şahsy maglumatlaryňyzy gaýtadan işlemäge razylaşýarsyňyz we gizlinlik syýasatymyz bilen razy bolýarsyňyz
Iş ugurlarymyz

IT senagaty

Senagat awtomatlaşdyrma Нравится10:49

Biziň bölümlerimiz
Sistemalary integrirlemek bölümi
Aragatnaşyk we maglumatlary goramak bölümi
Maglumat howpsuzlygy syýasatlaryny we tertibini işläp düzmek we durmuşa geçirmek
Maglumatlaryň gizlinliginiň goralmagyny üpjün etmek. Içerki we daşarky maglumatlary geçirmegi dolandyrmak we ösdürmek

IT infrastrukturasy
bölümi
Torlar, serwerler, maglumatlary saklamak, programma üpjünçiligi we beýleki tehnologiki çeşmeler ýaly IT infrastrukturasynyň ähli taraplaryny goldamak, ösdürmek we kämilleşdirmek

Dürli ulgamlary, amaly programmalary we tehnologiýalary bir iş ulgamyna birleşdirmek üçin kompaniýanyň jogapkär bölüm. Bölüm guramada dürli komponentleriň birleşmegi we olaryň arasynda täsirli gatnaşygy üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler bilen meşgullanýar.

Näme üçin bizi saýlaýarlar?
Innowasiýalyk
Hil
Strategiýalylyk
Gizlinlik
Biziň wezipämiz

Biziň wezipämiz - häzirki zaman işewürliginiň dinamiki gurşawynda üstünliklerine we bäsdeşlige ukyplylygyna goşant goşýan tehnologiýa çözgütleri bilen üpjün etmek, müşderiler üçin ynamdar hyzmatdaş bolmak.

Hyzmatdaşlarymyz
Bize ýazyň
Seyitnazar Seydi köçesi, 15/1
#akyllytilsimat © Ähli haklar goralan
1. ULANLÝAN UGRY
1.1. Şu düzgünler we şertler maglumat tehnologiýalar ugry boýunça önümleriň üpjün edilmegi, işleriň ýerine ýetirilmegi we/ýa-da hyzmatlaryň edilmegi babatda ulanmak üçin kesgitlenilendir.

2. PROSESLER

2.1. Önümleriň üpjün edilmeginiň, işleriň ýerine ýetirilmeginiň we/ýa-da hyzmatlaryň edilmeginiň proseslerini guraýjy we amala aşyryjy "Akylly Tilsimat" HJ-i (mundan beýläk – Üpjün ediji).
2.2. Üpjün etmek fiziki ýa-da ýuridiki şahsyň (mundan beýläk – Sarp ediji) sargytnamasyna ýa-da sargydyna ýa-da bäsleşigine we şertnamanyň şertlerine laýyklykda amala aşyrylýar.
2.3. Maglumat tehnologiýalar ugry boýunça aşakda görkezilen sargytnamalar (sargytlar) kabul edilip we ýerine ýetirilip bilner:
– önümlere we hyzmatlara bolan talaplary kesgitlemek we seljermek;
– talaplaryň ýöriteleşdirilmesini (tehniki ýumşy) düzmek;
– önümi (programma üpjünçiligini), hyzmaty taslamalaşdyrmak we işläp taýýarlamak;
– programma üpjünçiligini ulanmaga hukuk bermek;
– önümleri getirmek;
– desgalaryň içinde aragatnaşyk geçiriji kabelleri çekmek;
– gurnamak, montaž etmek, sökmek;
– göýbermek-sazlamak;
– düzmek;
– birikdirmek (integrasiýa);
– trening geçirmek;
– hyzmata üýtgetme girizmek (täze hyzmat etmek ýa-da hyzmat etmegi bes etmek);
– tehniki we beýleki hyzmatlar.

3. HIL WE MÖHLET

3.1. Önümleriň üpjün edilmeginiň, işleriň ýerine ýetirilmeginiň we/ýa-da hyzmatlaryň edilmeginiň hil şertleri we möhletleri ylalaşylýar we Taraplaryň Şertnamasynda göz öňünde tutulýar.
3.2. Bellenilen halatlarda öndürijiden we/ýa-da sertifikatlaşdyrmak boýunça edaradan alnan önümleriň hilini, howpsuzlygyny we gelip çykan ýerini tassyklaýan sertifikatlar berilýär.

4. BAHA WE TÖLEG
4.1. Önümiň, işiň we/ýa-da hyzmatyň bahasy Taraplaryň arasynda ylalaşylýar we Şertnamada, bahany ylalaşmak teswirnamasynda we/ýa-da Şertnama ýöriteleşdirilmesinde görkezilýär.
4.2. Üpjün edilen önümiň, işiň we/ýa-da hyzmatyň bahasynyň tölegi bank geçirimi arkaly Üpjün edijiniň hasaplaşyk hasabyna Şertnamada ylalaşylan möhletlerde geçirilýär.

5. KABUL ETMEK WE TABŞYRMAK

5.1. Üpjün edilen önümiň, işiň we/ýa-da hyzmatyň kabul edilmegi we tabşyrylmagy, ylalaşylan möhletlerde kabul ediş-tabşyryş Delilnamasy boýunça amala aşyrylýar.

6. HUKUKLAR WE BORÇLAR
6.1. Sarp ediji önümi, işi we/ýa-da hyzmaty erkin saýlamaga, olar bilen baglanyşykly zerur bolan, ygtybarly maglumaty Üpjün edijiden talap etmäge haklydyr.
6.2. Sarp ediji Şertnama laýyklykda üpjün edilen önümi, ýerine ýetirilen işi we/ýa-da hyzmaty kabul etmäge we ylalaşylan bahany doly möçberde tölemäge we awtorlyk hukuklary bozmazlyga borçludyr.
6.3. Üpjün ediji üpjün edilen önümiň, işiň we/ýa-da hyzmatyň kabul edilmegini we bahasynyň tölenmegini we awtorlyk hukuklarynyň berjaý edilmegini Sarp edijiden talap etmäge haklydyr
6.4. Üpjün ediji Sarp edijä önüm, iş we/ýa-da hyzmat hakynda zerur bolan we ygtybarly maglumaty we olaryň erkin saýlap alynmagyna mümkinçilik bermäge borçludyr.
6.5. Eger olar ulanylmaly bolsa, zähmeti goramagyň, işleriň we/ýa-da hyzmatlaryň howpsuzlygynynyň, maglumat howpsuzlygynyň talaplaryny üpjün etmek boýunça borçlar, şeýle hem Taraplaryň beýleki hukuklary we borçlary Şertnamada göz öňünde tutulýar.

7. AÝAN ETMEZLIK

7.1. Önümleriň üpjün edilmeginiň, işleriň ýerine ýetirilmeginiň we/ýa-da hyzmatlaryň edilmeginiň dowamynda alnan rugsat çäklendirilen şahsy maglumatlaryň we ýaşyryn habarlaryň ýaşyrynlygyny berjaý etmäge (aýan edilmezligini üpjün etmäge) Taraplar borçludyrlar.
8. JOGAPKÄRÇILIK
8.1. Şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilmändigi we/ýa-da talaba laýyk ýerine ýetirilmändigi üçin Taraplar Türkmenistanyň kanunçylygynda we Şertnamada bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýärler.
8.2. Önümi, işi we/ýa-da hyzmaty üpjün etmek Şertnamasyny ýerine ýetirmek babatda jedeller dörän halatynda Taraplar olary gepleşikler arkaly çözýärler.
8.3. Eger Taraplar gepleşikler arkaly jedelleriň çözülmegine gelmeseler, jedeller çözülmegi Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň garamagyna geçirilýär.

9. MAGLUMAT ALYŞMAK
9.1. Taraplar sargydy (sargytnamany), Şertnamany işläp taýýarlamak üçin, şeýle hem garaşylmadyk ýagdaýlarda we kemçilikler, defektler, laýyk gelmezlikler ýüze çykarylanda çäreleri görmek üçin maglumat alyşýärlar.
9.2. Üpjün ediji Sarp edijiniň kanagatlandyrylma sowalnamasy arkaly önümler, işler we/ýa-da hyzmatlar ýa-da prosesler babatda ikitaraplaýyn aragatnaşyk – pikir, düşündiriş soraýar.
ÖNÜMLERIŇ, IŞLERIŇ, HYZMATLARYŇ ÜPJÜN EDILMEGINIŇ
DÜZGÜNLERI WE ŞERTLERI